Слайд 1TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI
TÜRKMENISTANYŇ MILLI BILIM
INSTITUTY
INFORMATIKA 7
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň VII synplary üçin
interaktiw-multimedia elektron gollanmasy
AŞGABAT 2014
Слайд 2 Internet tory barada düşünje
Esasy hyzmatçylar:
World Wide Web,
elektron poçta
Слайд 3 Internet – dünýäniň dürli künjegindäki millionlarça dürli gurluşlary özara baglanyşdyrýan
torlaryň bileleşigi ýa-da bütindünýä kompýuter torudyr. Internet toruna personal kompýuterler,
telefonlar, telewizorlarda, awtomobillerde, aýdym-saz merkezlerinde we goşmaça oýun enjamlarda gurnalan gurluşlar birikdirilip bilner. Internet toruna birikdirilýän gurluşlaryň sany günsaýyn artýar. Internet hyzmatyny gurnaýjylar – internet prowaýderler – şol gurluşlar üçin toruň elýeterli bolmagyny üpjün edýärler.
Слайд 4 Internet tory ulanyja peýdaly ylmy we tehniki informasiýalary, şeýle hem
bilim resurslaryny, meselem, dünýäniň iri kitaphanalarynyň we muzeýleriniň elektron gaznasy
we kataloglaryny, ylmy maglumatlar goruny we gözleg sistemalaryny, iri ylmy we bilim beriji merkezleriň gazananlary baradaky informasiýalary, ylmy makalalary we referatlary görmäge mümkinçilik berýär. Internet torunda syýasy wakalar, biznes, medisina, medeniýet, sport, turizm täzelikleri baradaky maglumatlar hem berilýär. Hut şu günki günde internet tory arkaly dükanlardaky harytlaryň görnüşleri bilen tanşyp, hatda satyn alyp hem bolýar.
Слайд 5INTERNET HYZMATLARY
Arhiw faýllary
Elektron poçta
telekonferensiýalar
Internet-telefon
Göni aragatnaşyk (chat)
WWW
Слайд 6
Howa maglumatyny, dünýä pullarynyň şol günki alyş-çalyş bahasyny, tele-radio
gepleşikleriň programmasyny bilip bolýar. Elektron gazet-žurnallary okap bolýar, oýunlary, kompýuter
programmalaryny , wideo filmleri we saz eserlerini görüp, alyp bolýar. Internet tory adamlaryň ýazuw üsti bilen, dilden, bir-biregi görmek arkaly gepleşip bilmeklerine, konferensiýalary, çekişmeleri geçirmeklige mümkinçilik döredýär.
Şonuň bilen birlikde, internet torunda peýdasyz ýa-da gerekmejek ýüregedüşgünç reklamalara, hili pes edebi eserlere, hakyky ýagdaýa laýyk gelmeýän informasiýalara gabat gelmek bolýar.
Слайд 7 Internet torunyň esasy mümkinçilikleri onuň bütindünýä informasion kerebi,
elektron poçta, hakyky wagt kadasynda habarlary alyşmak serişdeleri ýaly meşhur
gulluklarynyň üsti bilen durmuşa geçirilýär.
Bütindünýä informasion kerebi (World Wide Web − WWW) − şu günki günde internet torunyň iň meşhur we oňaýly gullugydyr. Ol tor hyzmatlarynyň aglaba köplügini birikdirýär.
Слайд 8World Wide Web
World Wide Web (WWW)
doglan güni 1991-nji ýylyň 6-njy awgusty hasaplanýar.
Şol
gün Ženeweda (Şweýsariýa) Ýewropa ýadro barlaglar merkezinde işleýän Tim Berners Li, WWW baradaky özüniň gysgaça proýektini çap edýär.
Tim Berners Li
Слайд 9 Bütindünýä kerebiniň informasiýalary gipertekst resminama (web-sahypa) görnüşinde gurnalandyr.
Gipertekest −
kompýuteriň ekranynda tekstiň elementleriniň arasynda arabaglanşygy guramaga mümkinçilik berýän informasiýa
gurluşy bolup, bir elementden beýleki elemente geçmegi amal edýär.
Internet torunyň has giň ýaýran we netijeli gulluklarynyň biri-de elektron poçta (Electronic Mail − E-mail) gullugydyr.
Ol elektron gutusynyň kömegi bilen tekst habarlaryny(elektron hatlary) alyşmak üçin niýetlenendir.
Elektron hatlaryň ýany bilen oňa berkidilen görnüşde faýllary ibermek bolýar.
Poçta gutusynyň salgysy iki bölekden durýar: ady we arasy @ belgi bilen bölünen prowaýderiň salgysy, meselem tema@mail.ru .
Слайд 111-nji ädim
Gözleg sistemasyny açmaly
www.yandex.ru
www.mail.ru
www.rambler.ru
www.google.ru
Слайд 14Poçta bilen işlemek
Написать письмо
Слайд 17 Hakyky wagt kadasynda habarlary alyş-çalyş serişdeleri (Internet Relay Chat −
IRC) hakyky wagtda tory ulanyjylaryň arasynda ýazuw gepleşiklerini alyp barmagy
üpjün edýär.
Internet toruna birikmegi dürli usullar bilen amala aşyrmak bolar.
Olardan has giň ýaýranlary şu aşakdakylardyr:
•modemiň kömegi bilen telefon liniýasy boýunça birikmek;
•berlen aragatnaşyk kanallary boýunça birikmek;
•öýjükli aragatnaşyk boýunça birikmek.
Soraglar
1.Internet torunyň esasy mümkinçiliklerini amala aşyrmak üçin, nähili çesmesi bar?
2.Internet toruny ulanyjylar üçin WWW nähili mümkinçiliklere eýe?
Слайд 18Interaktiw-multimedia elektron
gollanmanyň awtorlary:
Saryýew Döwran
Ataýew Kakageldi
Garýagdyýew Oraz