Слайд 1V Aziadanyň nyşanlary
Презентацию подготовил:
директор специализированной по иностранным языкам средней школы
№ 15 г.Балканабада
Шемиев Сапаргельды Деряевич
Слайд 2Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň
NYŞANY
Слайд 3
2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda guraljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty
boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany çuňňur many-mazmuny özünde jemleýän birnäçe
şekillerden ybaratdyr.
Ahalteke bedewi türkmen halkynyň milli gymmatlygy, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandydyr. Ahalteke bedewi bütin dünýäde özüniň ýyndamlygy, üşükliligi, çydamlylygy we haýran galdyryjy gözelligi bilen tanalýar. V Aziýa oýunlarynyň nyşanynda ýerleşdirilen ahalteke bedewiniň şekili sagdynlygy alamatlandyrýar.
Nyşanda ýerleşdirilen ýarymaýyň şekili Türkmenistanyň Döwlet baýdagyndan nusga hökmünde alyndy. Täze dogan Aý täze başlangyçlaryň, aýdyň maksatlaryň, iň esasy-da, ruhubelentligiň keşbini özünde jemleýär.
V Aziýa oýunlarynyň nyşanyndan orun berlen ýyldyzyň şekili Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyndan nusga hökmünde alyndy. Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň sport nyşany bolan bu ýyldyzyň şekili dostlugyň aňlatmasy bolup çykyş edýär.
Şeýlelikde, bu şekilleriň we olardaky reňkleriň ählisi birleşip, V Aziýa oýunlarynyň nyşanyny emele getirmek bilen, Aşgabat Aziadasynyň “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” şygaryny hem alamatlandyrýar. Nyşanyň umumy aýlaw şekili agzybirligiň, jebisligiň we oňyn hyzmatdaşlygyň alamaty hökmünde ýerleşdirildi. Şeýle hem nyşanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ady we geçirilýän ýeri halkara dilleriň biri bolan iňlis dilinde ýazyldy.
Слайд 4
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň
TUMARY
Слайд 5Paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V
Aziýa oýunlarynyň tumarynda türkmen halkynyň köpasyrlyk geçmiş taryhy hem-de baý
medeni mirasy çeper beýan edildi.
Geçmişde türkmen topragy beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda, amatly ýerde ýerleşmek bilen, bütin sebitde we dünýäde söwdanyň, ylym-bilimiň, medeniýetiň we döredijilik pikirleriniň pajarlap ösmegine uly goşant goşandyr.
Tumaryň esasy mazmunyny düzýän Beýik Ýüpek ýolundan barýan kerwenler, ak öýler, alabaý iti we türkmen bagşysy, milli türkmen göreşi, türkmen topragynda gülläp ösen gadymy medeniýetleriň nyşany bolan ýadygärlikler, ýyndam ahalteke bedewi, sahawatly türkmen topragyndan önýän pagta, bugdaý, gawun... — bularyň ählisi şu günümiziň ajaýyp keşbi bilen sazlaşýar. Tumaryň häzirki döwrümizi aňladýan böleginde gözel paýtagtymyzda we Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky Awazada gurlan milli öwüşginli döwrebap binalaryň şekilleri hem orun aldy. Tumaryň ugry uçup barýan guşuň şekilini aňladýar, bu ýurdumyzyň beýik maksatlara tarap joşgunly ymtylyşynyň nyşanydyr. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tumary baý we myhmansöýer türkmen kalbynyň özboluşly beýanydyr.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tumary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda geçirilen mejlisinde tassyklanyldy.
Слайд 6Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň
ŞEKILI
Слайд 7
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekili
hökmünde türkmen alabaýynyň keşbi saýlanyp alyndy. Alabaý türkmen durmuşynda maşgala
ojagynyň, abadançylygyň goragçysy bolup durýar. Ol ynsana ýakyn dost, eýesine wepaly, sürini, öýi, emlägi sak durup goraýjy, batyr, gaýduwsyz, buýsançly. Şu nukdaýnazardan, V Aziýa oýunlarynyň şekili bolup durýan alabaýa Wepaly diýip at dakyldy.
Wepaly dogruçyl, adalatly we aýgytly hereket etmegiň, garşydaşy ýeňmegiň — ýeňşiň yşaratydyr. Ol göreşlerde pälwan, toýlarda şadyýan, hünärde ezber, her bir işde janypkeş türkmen türgenlerini öz gaýratlylyk, gaýduwsyzlyk, edermenlik ýörelgesine eýerdip, V Aziýa oýunlarynda sport ýeňişlerine alyp gider.
Wepalynyň milli geýimleri onuň özboluşlylygynyň üstüni ýetirýär.
Слайд 8Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň
BEZEG NUSGASY
Слайд 9
Bezeg nusgasy Aziada — 2017-niň nyşany, tumary we şekili bilen
sazlaşykly utgaşýar. Toý lybasly — başy ak telpekli, ezýaka köýnekli,
gyrmyzy donly Wepaly bir elinde Türkmenistanyň Döwlet Baýdagyny, beýleki elinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny buýsançly göterip, girelgäniň öňünde dostlugy, myhmansöýerligi, açyklygy bilen myhmanlary garşylaýar. “Hoş geldiňiz V Aziýa oýunlaryna!” diýen ýazgylar türkmen we iňlis dillerinde ýerleşdirildi.
Girelgäniň ak reňkde bolmagy ak şäherimiz Aşgabady, ak arzuwlarymyzy, ýeňişlere alyp barýan ak ýoly alamatlandyrýar.
Bu nusga Aziadanyň belent ruhunyň içgin duýulmagyna ýardam etmek bilen, köp sanly türgenlerde, myhmanlarda ýakymly duýgulary döreder.
Şeýlelikde, Aziada — 2017-niň nyşany, tumar we şekil bir bitewi gurluşda orun alan Wepaly, türkmen paýtagtynda geçiriljek iri sport ýaryşlaryna dünýäniň çar künjegindäki dostlarymyzy Aşgabada çagyrýar.
Слайд 10Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryndaky sportuň
21 görnüşiniň nusgalarynyň beýany
KÜŞT
Слайд 11
Birnäçe taryhy maglumatlara görä, küşt boýunça halkara ýaryşlar IX-X asyrlarda
hem geçirilipdir. Şol döwrüň dünýäniň iň belli küştçüleriniň biri hökmünde
türkmen Abu-Bekr Ibn Ýahýa Muhammed As-Suli ykrar edilýär. Küşt boýunça halkara ýaryşlar XIX asyrda yzygiderli esasda guralypdyr.
Ine-de, Wepaly küşt tagtasynyň başynda. Ýylgyryp duran keşbi Wepalynyň sportuň bu gadymy görnüşi boýunça türgenleri ýeňişlere sary ynam bilen alyp barýandygyny aňladýar. Wepalynyň sag elinde ak mallaryň şasy bar.
Göçüm senden, Wepaly!
Слайд 13
Futzal sportda ýeňiş gazanmaga ymtylýan erjel türgenleriň oýnudyr. Dünýäniň meşhur
futbol ýyldyzlary ýaşlykdan futzal oýnamak bilen kämilleşdiler. Egnine ýaşyl futzal
eşigini, aýaklaryna sport aýakgabyny geýip, topy garşydaşyň derwezesine ussatlarça gönükdirip duran Wepala ýeňiş ýaran bolar. Sebäbi Wepalyda bu oýun üçin gerek bolan ähli häsiýetler — ýyndamlyk, ezberlik bilen oýlanyşykly hereketleriň sazlaşygy bar.
Слайд 15
Wepaly — örän çalasyn tennisçi. Ol topy raketka arkaly tordan
geçirmek üçin ynamly hereket edýär. Wepalynyň başarnyklary we oýnuň dowamyndaky
çalasyn hereketleri ony diňe ýeňşe alyp barýar. Wepalynyň sport eşiginde Aziýa oýunlarynyň nyşanynyň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýyldyzynyň ýerleşdirilmegi, şeýle-de akgaýma tahýasy türkmen türgenleriniň milli buýsanjyny alamatlandyrýar.
Слайд 17
Wepaly ― taýboksçy türgen. Ol garşydaşa hüjüm etmäge taýýar bolup
dur. Egnindäki gök reňkli sport lybaslary, köýnekçesiniň çep gursagynda ýerleşdirilen
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany, çep eline geýen ýaşyl reňkli sport elliginiň ýüzünde ýerleşdirilen Aziýa Olimpiýa geňeşiniň gyrmyzy reňkli ýyldyzjygy onuň bu başa-baş söweş sungatyna ussatlyk derejesini aňladýar.
Sportuň bu görnüşinde özüňe ynamlylyk, söweş tärlerini dürs ýerine ýetirmek Wepala ýeňiş getirer.
Слайд 19
Wepaly egnine gök reňkli sport eşigini, başyna gorag başgabyny geýip,
biline guşagy daňyp, orta çykanda, garşydaşynyň howuny basyp, ýeňşe bolan
ynamy pugtalandyrýar.
Onuň güýji, çakganlygy, çeýeligi we emelleri tüýs gerekli wagtynda ulanyp bilmegi oňa ýeňiş getirer.
Sambo dünýäde iň meşhur sport görnüşleriniň biri bolup, öz içinde dürli emelleri we tehnikalary jemleýär. Bu sport görnüşi dzýu-do, jiu-jitsu we göreş ýaly başa-baş söweş sungatlarynyň birikmegi bilen döräp, Ýewropanyň we Aziýanyň dürli başa-baş söweş tilsimlerini hem özünde jemleýär.
Wepalynyň maksady türkmen samboçylarynyň halkara ýaryşlarda gazanan üstünliklerini dowam etdirmekdir. Munuň üçin bolsa ýadawsyz türgenleşýär.
Слайд 21
Başa-baş söweş sungatynyň gadymy görnüşleriniň biri bolan kuraşyň üç ýarym
müň ýyllyk taryhy bar. Ol dürli toý-baýramçylyklarda pälwanlaryň ussatlyklarynyň özboluşly
synagy bolup durýar. Bilini berk guşap, kuraş boýunça bäsleşýän Wepaly erjellik we ynamlylyk bilen garşydaşyny ýeňmäge çalyşýar. Ýaşyl reňkli sport eşigindäki V Aziýa oýunlarynyň nyşany oňa has-da güýç-kuwwat berýär. Wepalynyň keşbinde kuraşyň “adalatly ýeňmek” diýen ýörelgesi şöhlelenýär.
Ýeňiş ýaranyň bolsun, Wepaly!
Слайд 23
Wepaly sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça başa-baş tutluşykda. Ol garşydaşyň urgusyny
özüne gönükdirmek bilen, bu sportuň emelleri arkaly goranmagyň sungatyny görkezýär.
Onuň egninde jiu-jitsu boýunça türgeniň milli agymtyk reňkli, gyralaryna ýaşyl reňkli zolak çekilen ak sport lybasy bar. Lybasyň çep golunda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, guşagynda bolsa Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň nyşanlary şekillendirilipdir.
Wepalyň aýgytly hereketleri we ynamly hüjümleri bilen sportuň bu görnüşinde ýeňiş gazanar.
Öňe, Wepaly!
Слайд 25
Ýörite niýetlenen şary sag eline alyp, bowling ýaryşyna çykan Wepalynyň
gözlerinde ýeňşe bolan ynam we hyjuw uçganaklaýar. Ýörite sport eşigini
geýen Wepaly nyşana alnan keglileri başarjaňlyk bilen ýykyp, utuklaryny barha artdyrmaga yhlas edýär.
Wepaly, saňa üstünlik ýaran bolsun!
Слайд 27
Wepaly welosport ýaryşynyň düzgünlerini ynamly berjaý edip, öz çakganlygyny, güýjüni,
çydamlylygyny welotrek ýodasynda görkezýär. Welosport ýaryşynyň älemgoşar reňk öwüşginli lybasynda
ýerleşdirilen V Aziýa oýunlarynyň we tumarynyň suraty, tizligi alamatlandyrýan başgaby ruhubelentligiň we maksadaokgunlylygyň nyşanydyr. Onda Wepalynyň ukyp-başarnygy oňa ýeňiş getirer.
Слайд 29
Suwda ýüzmek — sport bäsleşikleriniň iň bir gyzykly görnüşleriniň biri
bolup durýar. Suwuň joşgunly tolkunlarynyň garşylygyny ýeňip, pellehana öň gelmek
çydamly we ýokary netijeleri gazanmagy maksat edinen Wepalynyň başaraýjak zady.
Biz Wepalynyň mysalynda türkmen türgenlerine üstünlik arzuw edýäris.
Слайд 31
Basketbol oýny — Wepalynyň söýýän sport görnüşi. Ol ýeňiljek hereket
edip, elindäki basketbol topuny tora zyňýar. Onuň çeýeligi we dürs
hereketi güýji, çalasynlygy hem-de ykjamlygy talap edýän bu ajaýyp oýunda ýeňşe ýetmäge bolan ynamy pugtalandyrýar.
Öňe, Wepaly!
Ýeňiş ýar bolsun!
Слайд 33Agyr atletika — hakyky pälwanlaryň bäsleşigi. Agyr ştangany ýokary galdyrmak
boýunça bu sport görnüşiniň gadymy Gresiýada döräni bäri muşdaklarynyň sany
artýar.
Wepaly bu bäsleşige bilini berk guşap, ruhubelent geldi, onuň üçin bu agyr ştanga guş ýaly ýeňiljek. Çünki oňa bu bäsleşikde kuwwatly baldyrlary, egnine gelşip duran ajaýyp sport eşigi ruhy goldaw berýär.
Слайд 35Ýeňil atletika Wepalynyň iň bir söýýän sport görnüşi. Munda Wepala
uzak aralyga ylgamak, uzynlygyna we beýikligine bökmek, uzak aralyga agramlyklary
zyňmak üçin gujurly aýaklaryň gaýraty, güýçli gollaryň kuwwaty ýeňiş gazanmaga ýardam berýär. Wepalynyň çalaja ýylgyrýan ýüz-gözi onuň bu synaglardan heder etmeýändigini, islendik aralygy tiz hem-de ynamly geçip biljekdigini aýdyň görkezýär.
Gollaryňa gaýrat, aýaklaryňa kuwwat, Wepaly! Ýeňiş biz bilen!
Слайд 37
Tans sporty sungatyň we sportuň täsin hereketler arkaly özboluşly sazlaşmagydyr.
Başyna akgaýma türkmen tahýasyny, egnine Aziadanyň tumaryndan şekiller ýerleşdirilen lybasy
geýip, sport tansyny ýerine ýetirýän Wepala şadyýanlyk, göwnaçyklyk ýaraşýar. Onuň şekilinde sportuň bu görnüşine mahsus bolan aýratynlyklar, ýagny başarjaňlyk, çalasynlyk, şeýle-de gözellik birleşip, özara sazlaşygy emele getirýär.
Слайд 39Kik-boksing başa-baş söweş sungatyna degişli sport görnüşidir. Ýörite sport geýmini,
başgaby, boks elliklerini geýen Wepaly boks sportundaky ýaly ýumruklaşmaga we
aýaklary bilen karate sportundaky ýaly depmek usullaryny ulanmaga taýýar bolup dur. Boks elliginde Aziadanyň tumary, sport geýminde Aziadanyň nyşany özboluşly şöhlelenip, ony ýeňşe ruhlandyrýar.
Goý, seniň söweşjeň ruhuň belent bolsun, Wepaly!
Слайд 41Guşakly göreşde Wepala taý tapylmaz. Ol garşydaşynyň bilinden tutup, ruhubelentlik
bilen aýgytly göreşe başlaýar. Wepaly ussat pälwana mahsus bolşy ýaly,
çeýe we çalasyn hereket etmegiň emellerini oňat bilýär. Häzirki döwürde türkmen türgenleri sportuň başa-baş söweş görnüşinde öňdäki orunlary eýeleýär. Dünýäniň Kubogy ugrunda geçirilýän ýaryşlarda we dünýä çempionatlarynda olaryň gazanýan üstünlikleri muňa şaýatlyk edýär. Wepaly halkara ýaryşlarda gazanylýan üstünlikleriň üstüni ýetirer.
Ýeňiş ýaranyň bolsun, Wepaly!
Слайд 43
Sport göreşinde Wepala garşydaşyny deňagramlylykdan çykarmak we ony ýagyrnysyna ýatyrmak
üçin ähli güýjüni ulanmak gerek. Wepaly garşydaşynyň bilinden tutup ony
ýeňmäge taýynlanýar.
Aýaklaryny ýere berk diräp duran Wepala janköýerleriň goldaýjy sesleri ruhy goldaw berýär.
Слайд 45
Bilýard sporty üçin takyk göz ölçegi, geljekki hereketleriňi sowukganlylyk bilen
ölçermek, ünsüňi jemlemek möhümdir. Wepaly stoluň üstünde şarlary torjagazlara atmak
üçin paýhasly göz çelgisini ulanýar, çyzyklaryň ählisini hasaba alýar.
Wepala V Aziýa oýunlarynda bilýardyň ähli görnüşlerinde-de ýeňiş arzuw edýäris.
Слайд 47
Wepaly ýörite çapyksuwaryň geýimlerini geýip, atly sport boýunça ýaryşa çykmaga
taýýarlanyp dur. Oňa çylşyrymly we dürli päsgelçilikler garaşýar. Wepaly özüniň
bedewinde birnäçe çylşyrymly päsgelçiliklerden ussatlyk bilen geçip, ýeňiş gazanmaga ymtylýar. Bedew at — maksadaokgunlylygyň nyşany. Bedew at — şanly ýeňişleriň nyşany.
Atly sporta ezber Wepala üstünlik arzuw edýäris.
Слайд 49
Türkmen milli göreşi uzak asyrlaryň dowamynda halkymyzyň toý-baýramlaryny bezäp gelipdir.
Bu gün türkmen milli göreşi halkara derejä çykdy. Türkmen milli
göreşinde Wepala taý geljek tapylmaz. Sebäbi bu bäsleşigiň emel-tilsimlerini ondan gowy bilýän ýok. Ol garşydaşynyň bilinden tutup, ýykmaga taýynlanýar. Wepaly türkmen pälwanyna mahsus bolşy ýaly, özi üçin bir emeli hem gizläp saklapdyr. Şol emel Wepala hökman ýeňiş getirer.
Слайд 50
http://turkmenistan.gov.tm/photo/aziada/2017/260317-0.jpg
http://turkmenistan.gov.tm/photo/aziada/2017/260317-01.jpg
http://turkmenistan.gov.tm/photo/aziada/2017/260317-b.jpg
http://turkmenistan.gov.tm/photo/aziada/2017/260317-a.jpg
http://turkmenistan.gov.tm/photo/aziada/2017/260317-1.jpg
http://turkmenistan.gov.tm/photo/aziada/2017/260317-2.jpg
http://turkmenistan.gov.tm/photo/aziada/2017/260317-3.jpg
http://turkmenistan.gov.tm/photo/aziada/2017/260317-4.jpg
http://turkmenistan.gov.tm/photo/aziada/2017/260317-5.jpg
http://turkmenistan.gov.tm/photo/aziada/2017/260317-6.jpg
http://turkmenistan.gov.tm/photo/aziada/2017/260317-7.jpg
http://turkmenistan.gov.tm/photo/aziada/2017/260317-8.jpg
http://turkmenistan.gov.tm/photo/aziada/2017/260317-9.jpg
http://turkmenistan.gov.tm/photo/aziada/2017/260317-10.jpg
http://turkmenistan.gov.tm/photo/aziada/2017/260317-11.jpg
http://turkmenistan.gov.tm/photo/aziada/2017/260317-12.jpg
http://turkmenistan.gov.tm/photo/aziada/2017/260317-13.jpg
http://turkmenistan.gov.tm/photo/aziada/2017/260317-14.jpg
http://turkmenistan.gov.tm/photo/aziada/2017/260317-15.jpg
http://turkmenistan.gov.tm/photo/aziada/2017/260317-16.jpg
http://turkmenistan.gov.tm/photo/aziada/2017/260317-17.jpg
http://turkmenistan.gov.tm/photo/aziada/2017/260317-18.jpg
http://turkmenistan.gov.tm/photo/aziada/2017/260317-19.jpg
http://turkmenistan.gov.tm/photo/aziada/2017/260317-20.jpg
http://turkmenistan.gov.tm/photo/aziada/2017/260317-21.jpg